What is a Landlocked Developing Country?
What is a Landlocked Developing Country?
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (Landlocked Developing Countries, LLDCs) deňze göni çykalga eýe bolman, söwdada, aragatnaşykda we ösüşde kynçylyklara sezewar bolýarlar. Kenarýaka desgalarynyň ýokdugy sebäpli olar üstaşyr geçiriji ýurtlara garaşly bolýarlar. Munuň özi söwda çykdajylarynyň artmagyna we gijikmelere getirýär. Kynçylyklara garamazdan, LLDC-ler entäk ulanylmadyk mümkinçiliklere eýe bolan jemgyýetleri özünde jemleýär.

BMG-niň LLDC-ler boýunça üçünji maslahaty has adalatly we gülläp ösýän geljek üçin meseleleri çözmek we bu ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak bilen, çözgütleri öwrenmek hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döredýär.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurt bu näme?
Deňze çäkleýin çykalganyň bolmazlygy, dünýä bazarlaryndan üzňeleşmek hem-de ýokary söwda çykdajylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) ösüşine düýpli çäklendirmeleri girizýär.

Kenarýaka portlaryna göni çykalga eýe bolmadyk deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar halkara bazarlaryna çykmak üçin üstaşyr geçiriji ýurtlara bil baglamaly bolýarlar. Munuň özi ulag söwda çykdajylarynyň ýokarlanmagyna, harytlaryň hereketiniň gijikmegine hem-de üstaşyr geçiriji ýurtlarda syýasy we ykdysady durnuksyzlyga getirip biler. Bu meseleler köp halatlarda göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň azalmagyna, eksport mümkinçilikleriniň çäklendirilmegine hem-de ykdysady ösüşiň haýallamagyna getirýär.

Şeýlelik bilen, ösüp barýan ýurtlaryň sezewar bolýan meselelerinden başga-da, LLDC-ler özleriniň geografiki ýerleşişleri sebäpli söwda we ulag çykdajylarynyň ep-esli ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ortaça LLDC-ler öz goňşulary bilen deňeşdirlende daşary ýurt bazarlary arkaly haryt ibermek we almak üçin ulag çykdajylaryna iki esse köp töleg edýärler.

Köp ýagdaýlarda LLDC-leriň üstaşyr geçiriji goňşularynyň özleri hem ösüp barýan ýurtlar bolup, adatça şuňa meňzeş ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şonuň üçin LLDC-ler bilen olaryň goňşularynyň arasyndaky söwda dolanşygynyň adatça uly bolmadyk möçberlerini görmek bolýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara şu döwletler degişlidir: Owganystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Butan, Köpmilletli Boliwiýa Döwleti, Botswana, Burkina Faso, Burundi, Merkezi Afrika Respublikasy, Çad, Eswatini, Efiopiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Laos Halk Demokratik Respublikasy, Lesoto, Malawi, Mali, Mongoliýa, Nepal, Niger, Demirgazyk Makedoniýa, Paragwaý, Moldowa Respublikasy, Ruanda, Günorta Sudan, Täjigistan, Türkmenistan, Uganda, Özbegistan, Zambiýa we Zimbabwe.