Türkmenistanynyň Suw Diplomatiýasy
      Soňky ýyllarda suw serişdeleri önümçilik güýjüniň ösüşinde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bitarap Türkmenistan suw diplomatiýasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegini özüniň daşary syýasat işiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kabul etmek bilen, ählumumy ösüş maksatlaryna goşulýan ýurtlaryň hatarynda ilkinjileriň biri bolup, suw diplomatiýasy babatynda netijeli teklipleri öňe sürýär. 2015-nji ýylda Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda Türkmenistanyň Prezidenti diplomatiýada täze ugruň – suw diplomatiýasy bilen baglanyşykly meseleleriň öňe çykýandygyny belledi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, suw meseleleriniň möhümdigi barada aýdyp geçdi. “Rio+20” Bütindünýä sammitinde, Täjigistanda geçirilen “Durnukly ösüş üçin suw 2018–2028-nji ýyllar” atly halkara maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistan suw meseleleri bilen bagly başlangyçlary öňe sürdi we bu ugurda anyk işleri amala aşyrýar.

       Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de deňhukuklylyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muňa Türkmenistanyň Hazar meselesi boýunça öňe sürýän anyk teklipleri hem-de degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça başlangyçlary hem şaýatlyk edýär. Şu ugurda geçirilen gepleşikleriň taryhynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar babatynda köp meseleleriň çözgüdi tapyldy. 1996-njy ýylda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi hem-de Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky degişli Konwensiýany işläp taýýarlamak üçin Ýörite iş topary görnüşinde hemişelik esasda hereket edýän gepleşikleri geçirmegiň guramaçylyk-hukuk görnüşi kesgitlenildi. Ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglylykda hem-de alnyp barylýan gepleşikleri dowam etdirmegiň zerurlygyndan ugur alyp, ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle sammit ilkinji gezek 2002-nji ýylda paýtagtymyzda geçirildi. Aşgabat sammiti ýakyn we uzak geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge badalga berdi. Ýurdumyzda başlan gepleşikler soňra netijeli dowam etdirildi we 2007-nji, 2010-njy, 2014-njy ýyllarda degişlilikde Tähranda, Bakuda hem-de Astrahanda geçirildi. Gahryman Akradagymyz şol duşuşyklarda çykyş etmek bilen, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletler hem-de olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňziniň meselelerinde Türkmenistanyň hemişe işjeň orun eýeleýändigini subut etdi.

       Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazar boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, ýokarda agzalan iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleriniň, halkara maslahatlaryň, seminarlaryň, okuwlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär.

     Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň çäkleri Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan hem-de ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň netijeli peýdalanylmagyny hem-de «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugry boýunça ýük akymlarynyň geçirilişini golaýlaşdyrmakda tebigy geografik giňişlik bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi uly we ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu iri taslama Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýe bolmak bilen, ýokarda agzalan sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, Hazaryň häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag-logistika halkasy hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam berer. Şeýle-de, Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesiniň taslamasyny hem belläp geçmek gerek. Bu geçelgäni döretmek iri taslamalaryň biri bolmak bilen, ol Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi, Konstansa portlary arkaly Ýewropa çykmaklygy göz öňünde tutýar.

       Hazar meselesi boýunça alynyp barylýan işleriň hatarynda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilendigini hem bellemek gerek. Şol sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň toplumy bilen bir hatarda, Hazar deňziniň hukuk derejesi, ykdysadyýet, ulag, ekeologiýa, Hazarda howsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly möhüm meselelere garalyp geçildi. Giňeldilen görnüşde geçirilýän bäştaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň üstünde alnyp barlan ýeňil bolmadyk iş tamamlandy we örän möhüm resminama, ýagny Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

       Bu babatda ýurdumyzyň alyp barýan işlerini göz öňünde tutmak bilen, 2019-njy ýylyň awgustynda ilkinji Hazar ykdysady forumynyň Türkmenistanda geçirilendigini bellemelidiris. Şeýle forumyň Hazarýaka döwletleriniň her birinde yzygiderli gezekleýin esasda geçirilmegi Hökümet agzalarynyň, işewür hem-de akademiki toparlaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda köptaraplaýyn ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin hemişe hereket edýän çärä öwrüldi.

       Ýurdumyz suw diplomatiýasynyň meseleriniň çäklerinde dünýäde suw serişdeleriniň ýetmezçiliginiň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak maksady bilen, Aral deňzi boýunça hem uly başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işi Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň bu gazna başlyklyk edýän döwründe alnyp baryljak işleriň esasy ugurlaryny özünde jemleýän Konsepsiýa işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň bu gazna başlyklyk etmeginiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmakdan, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmekden ybarat boldy.

       Häzirki wagtda Aral meselesiniň çözülmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Şol sebäpli hem bu işe BMG-niň gatnaşmagynda toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bu babatda ygtybarly binýat boldy. Şol ýylda Aşgabatda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Ony AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “Suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly GIZ Sebit Maksatnamasy hem-de Merkezi Aziýadaky Sebit ekologiýa merkezi bilen bilelikde guradylar. Mejlisiň dowamynda birnäçe halkara we sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň we şol sanda, maýadar ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça meýilnamalar ylalaşyldy. Bulardan başga-da, 2018-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi. Duşuşykda Aral ýakasynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi.

       Biziň ýurdumyz BMG-niň suw babatdaky başlangyçlaryny goldamak bilen, bu babatda uly işleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ýerlerinden çykýan zeý suwlary ýygnamak maksady bilen Garagumyň merkezinde durmuşa geçirilýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy möhüm ähmiýetli işleriň biridir. Bu emeli köle ýerleriň suwarylmagy netijesinda ýüze çykýan zeý suwlar gelip guýýar. Eger şol suwlar öň öri meýdanlary basyp, Amyderýa we Garaguma akan bolsa, indi Türkmenistan bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen sebitde ilkinji bolup daşky gurşawy gorap saklamagyň nusgasyny görkezer. 2019–2025-nji ýyllarda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitlerini özleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň taslamasyna laýyklykda öri meýdanlary giňeltmek, täze suwarymly ýerleri açmak, tokaý zolaklaryny döretmek we suwarmak boýunça anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy. Garagumda şeýle, iri emeli suw howdanynyň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitleriniň suwa bolan islegleriniň kanatganlandyrylmagyna hem-de gurakçylygyň emele gelmeginiň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine hem itergi berer.

       Ýurdumyzda suw serişdelerini netijeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ugurda birnäçe resminamalara gol çekildi we suw serişdelerini peýdalanmagyň hukuk binýady hem berkidildi. Olardan, esasan hem, Suw kodeksini, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş Maksatnamasyny”, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Knunyny görkezmek bolar.

       Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýäde we sebitde suw meselerini çözmekde hem-de suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ugrunda durmuşa geçirýän işleri, ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça alyp barýan giň gerimli möhüm başlangyçlarynyň aýdyň subutnamasydyr. Amala aşyrylýan şeýle işler ýurdumyzda we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygynyň durnuklylygyny berkitmäge, howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga hem-de suw serişdeleri boýunça meseleleriň oňyn çözülmegine amatly şertleri döreder.