Raýat jemgyýeti forumy
Awazada (Türkmenistan) geçiriljek (2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty) Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC) çäklerinde guraljak LLDC3 Raýat jemgyýeti forumy tutuş dünýäniň raýat jemgyýetiniň wekillerine dünýä liderleri, BMG-niň ýolbaşçylary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak we DÖM-e ýetmek üçin durnukly ösüş babatyndaky gün tertibini emele getirmäge ýadam bermek üçin gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
COVID-19 pandemiýasyndan ozal hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) durnukly ösüş babatynda garyşyk ösüşi görkezdiler. Pandemiýa LLDC-leriň ýüzbe-ýüz bolýan gurluş taýdan gowşak bolan taraplaryny güýçlendirdi hem-de LLDC-ler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynda we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenilen ileri tutulýan ugurlar babatynda ösüşi yza gaýtardy. LLDC-ler ykdysadyýete we jemgyýete güýçli täsir eden we daşarky zarbalara ýokary gowşaklygy görkezen makroykdysady we daşarky kynçylyklara sezewar boldular.
LLDC-ler deňiz söwda ýollaryndan geografiki taýdan üzňeleşendigi sebäpli özboluşly kynçylyklara gabat gelýärler, munuň özi köplenç ulag çykdajylarynyň has ýokary bolmagyna hem-de bazarlara elýeterliligiň çäklendirilmegine sebäp bolýar. Adatça bu ýurtlar eksport üçin birnäçe esasy harytlara köp derejede bil baglaýarlar, bu bolsa olaryň ykdysadyýetini daşarky zarbalara we bahalaryň üýtgemegine sezewar edip bilýär.
LLDC-ler üçin Hereketleriň täze maksatnamasy ylalaşylandan soňra, olar möhüm çözgüdiň öňünde boldular. Deňiz portlaryna we halkara suwlaryna göni çykalgasynyň bolmazlygy olaryň ulag çykdajylaryny ýokarlandyrmak we dünýä bazarlaryna goşulyşmaga böwet bolýan söwda päsgelçiliklerini döretmek arkaly uzak wagtyň dowamynda ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini kynlaşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, sanlylaşdyrma zamanynda dünýäniň ösdügi saýyn LLDC-ler üçin täze mümkinçilikleriň gözýetimi açylýar. Sanly ykdysadyýetiň tehnologiki innowasiýalar bilen sazlaşykda ösmegi umyt çyragyny — fiziki çäklerden geçmegiň we gülläp ösüşiň täze ýollaryny gurmagyň serişdesini hödürleýär. Bu sanly rewolýusiýa LLDC-lere adaty ösüş tapgyrlaryndan böküp geçmek hem-de DÖM-lere ýetmegi çaltlaşdyrmak üçin görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri berýär.
LLDC-leriň landşafty hem şol derejede köpdürli we çylşyrymlydyr. Olaryň ýerleriniň ep-esli bölegi — takmynan 54 göterimi gurak ýerlerdir. Şeýle geografiki aýratynlyk bu ýurtlary çölleşmek, ýerleriň zaýalanmagy hem-de howanyň üýtgemegi döwründe güýjeýän ýylylyk dartgynlygy ýaly howplara sezewar edip bilýär. LLDC-leriň ykdysadyýeti köplenç howanyň üýtgäp durmagy bilen baglanyşykly pudaklara esaslanýar: oba hojalygy, maldarçylyk, tokaý hojalygy, balykçylyk we dag-magdan senagaty. Bu pudaklar mümkinçiliklere baý bolsalar-da, daşky gurşawyň üýtgemegi kynçylygyna sezewar bolup bilerler.
Mundan başga-da, LLDC-leriň durmuşynyň ykdysady ýollary, ýagny olaryň dünýä bazarlaryndaky söwda ugurlary garaşlylygyň çylşyrymly toruna sezewar bolup biler. Bu ýurtlar çylşyrymly ulag ýollaryny goňşy üstaşyr geçiriji ýurtlaryň üstünden geçirmelidirler, olaryň her biriniň hem howa bilen baglanyşykly gowşak taraplary bar. Bu özara garaşlylyk ykdysady ösüşiň we halkara söwdasynyň ozal hem çylşyrymly bolan wezipesine kynçylyklary we näbellilikleri goşýar.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda LLDC-ler özleriniň ösüşe bolan ymtylyşlarynda hemişe daşarky çeşmelere bil bagladylar. Bu garaşlylyk maliýe akymlarynyň dürli bukjasynda ýüze çykýar: halkara jemgyýetçiliginiň bu ýurtlary goldamak jogapkärçiligi hökmünde ösüş maksatly resmi kömek (ODA); halkara döwlet maliýeleşdirmesi, şol sanda möhüm fiskal goldawyny üpjün edýän ýeňillikli grantlar we karzlar; diňe bir maýa däl, eýsem tehnologiýalary we tejribäni getirýän göni daşary ýurt maýa goýumlary (FDI); ýerli ykdysadyýete zerur bolan likwidliligi girizýän pul geçirmeleri we bukja maýa goýumlary ýaly beýleki hususy akymlar.
Emma daşarky çeşmelere bolan bu garaşlylyk howplardan azat däldir. Soňky ýyllarda LLDC-leriň arasynda daşarky karzlaryň artmagynyň howsalaly ýagdaýlaryna şaýat bolduk. Bu fiskal ýüki köp sanly ählumumy çökgünlik we geosyýasy dartgynlylyk şertlerinde ýüze çykan ep-esli çykdajylar arkaly hem has-da çylşyrymlaşdy. Ösüş üçin daşarky goldawy çekmek bilen fiskal durnuklylygyny saklamagyň arasyndaky inçe deňagramlylyk bu ýurtlaryň syýasatçylary üçin möhüm mesele bolup durýar.
LLDC-ler wehimleriň we mümkinçilikleriň bu çylşyrymly çäginde öz ýoluny gurýan döwründe olaryň ýoly geografiki çäklendirmeleriň we ekologiýa näbelliligiň öňünde durnukly ösüş üçin has giň ählumumy göreşe öwrülýär. Bu ýurtlar üçin öňe barýan ýol sanly tehnologiýalaryň kuwwatyndan peýdalanýan, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere durnuklylygy ýokarlandyrýan hem-de halkara jemgyýetçiliginiň çäklerinde has berk we adalatly hyzmatdaşlygy döredýän innowasion strategiýalary talap eder.
Durnukly ösüşe, hususan-da aýratyn kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara (LLDCs) ýardam bermek üçin innowasion çözgütleri we pikirleri çekmekde raýat jemgyýetiniň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Agza döwletleriň haýyşy boýunça köptaraplaýyn çemeleşme giňişleýin gözden geçiriş işini goldamak we LLDC ykdysadyýetini özgerdip, gülläp ösüş we durnuklylyk üçin mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berýän goldaw çäreleriniň täze nesliniň giň goldawyny işjeňleşdirmek üçin möhümdir. Mundan başga-da, raýat jemgyýeti bileleşikleri LLDC-niň ileri tutulýan ugurlaryny olaryň ösüşine dahylly bolan esasy makroykdysady meseleler boýunça ählumumy syýasy gepleşikleriň derejesine çykaryp biler.
Raýat jemgyýetiniň subýektleri milli meýilnamalary we ösüş syýasatlaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde, şol sanda LLDC-de esasy gyzyklanma bildirýän taraplardyr. Kiçi guramalar, halkara guramalary, hökümete degişli däl guramalar we beýleki raýat jemgyýeti toparlary öz ýurtlaryndaky we onuň çäklerinden daşardaky adamlaryň zerurlyklary, isleglerini meselelerini gözegçilikde saklaýarlar.
LLDC-ler üçin indiki Hereketleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi döwlet we hususy pudaklaryň işjeň gatnaşmagyna bagly bolar.