Türkmenistanynyň Transport Diplomatiýasy
Türkmenistan geografiki taýdan halkara ulag ulgamlarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýär. Döwletimiziň asyryň iri ulag taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy bilen täze taryhy ýazylýar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hakynda pikir täze mazmuna eýe bolýar. Munuň özi bolsa sebitiň üsti bilen ulag gatnawlarynyň ösen döwürlerinde Türkmenistanyň we onuň ýerleşen sebitiniň tutuşlaýyn gülläp ösmegine, maddy gymmatlyklaryň jemlenen, ruhy medeniýetiň ösen merkezine öwrülmegine sebäp boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti XXI asyryň täze taryhy şertlerinde öňdengörüjilikli syýasaty amala aşyrmak bilen, dünýä ýurtlarynyň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biri hem Halkara guramalary bilen sebitde iri ulag-üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmäge işeň gatnaşmakdyr. Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»,
2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2023-nji ýylyň 16-njy maýda «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan açyk deňize çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän hem bolsa, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz ganawyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Hazar ugry boýunça Türkmenistan Ýewropa bazarlaryna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çäkleri gündogarda Günorta Aziýa we Aziýa – Ýuwaş umman sebitine, günbatarda Gara we Ortaýer deňizlerine, günortada Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy zynjyry hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna hem aýratyn üns berýär.
«Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça «Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Rumyniýa» halkara ulag geçelgesi, Aziýa–Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan «Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» multimodal ulag geçelgesi, Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar ugur boýunça «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» ulag-üstaşyr taslamasy, «Gazagystan – Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýoly, «Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe» ulag taslamasy, Gündogar – Günbatar ugur boýunça «Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan» demir ýoly ýaly iri ulag geçelgeleri ýurdumyzyň goňşy we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary we kompaniýalary bilen ulag ulgamy babatynda amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarydyr.