Türkmenistanynyň Eko-Diplomatiýasy
       Energetika boýunça işjeň halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýä ähmiýetli energetiki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, bu babatda energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze, köpugurly turbageçiriji infastrukturasyny döretmek «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

       Tebigy gazyň ykrar edilen gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

       Türkmenistanyň energetika netijeliligi meselelerine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga gyzyklanmasyny nazara almak bilen, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulgamyny ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edilýär.

       Türkmenistanyň Prezidenti energiýa çeşmelerini durnukly we uzakmöhletleýin esasda dünýä bazarlaryna çykarmak üçin köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmekde oňyn özara hereketleriň meseleleri boýunça yzygiderli we köpugurly geňeşmeleriň geçirilmegi barada belläp geçýär. Şeýle gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmegini kepillendirýän, ählumumy we doly möçberli howpsuzlygy gazanmagyň netijeli ýollaryny işläp düzmek bolup durýar.

       Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama kabul edildi. Şeýle-de, 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň biragyzdan goldamagynda hem-de 70-den gowrak döwletiň awtordaşlyk etmeginde kabul edilen bu Kararnama halkara energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny emele getirmekde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylýandygynyň we durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy.

       Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini nazara alyp, maksada gönükdirilen halkara işini amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny we ähli şertleri döredýär, energetika ulgamynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama energetika ulgamynda ozal kabul edilen resminamalaryň logiki dowamyna öwrüldi.

       Elbetde, soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ugradýan döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, oňa gatnaşmak häsiýetini hem düýpli üýtgedendigi aýdyň hakykat. Bu gün bolsa döwletimiz ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek pikirini ilerledýär, ol energetika meseleleriniň tutuş toplumyny yzygiderli, hünär derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklaryň syýasy ölçeginiň hem-de guramaçylyk şertlerini döretmek usulynyň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.