Parlament forumy
Parlamentler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda (LLDC), üstaşyr ýurtlarda we ösüş boýunça hyzmatdaşlarda syýasaty we maksatnamalary işläp düzmekde, olary ýerine ýetirmekde we olara baha bermekde netijeliligi, aç-açanlygy we jogapkärçiligi ýokarlandyrýar, şeýle-de LLDC üçin täze Hereketler maksatnamasynyň (HM) borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini we ileri tutýan ugurlarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde wajyp orun eýeleýär.

Parlamentler hukuk çäkleri kesgitleýän kanunçylyk hem-de syýasy mehanizmler arkaly kanunlary işläp düzmäge jogapkär bolup, olarda täze Hereketler maksatnamasynyň maksatlary, şol sanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk milli derejede durmuşa geçiriler.

Mundan başga-da, LLDC-de parlamentler, şol sanda LLDC-de söwda, sebitleýin integrasiýa we durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin berk we ýumşak zerur infrastrukturanyň barlygyny kepillendirmek üçin, ösüş pudagynda hyzmatdaşlyk maksatnamalary arkaly esasy pudaklara resurslary bermäge we maliýeleşdirmäge hukugy bar. Gözegçilik we jogapkärçilik LLDC üçin täze Hereketler maksatnamasynyň durmuş taýdan möhüm taraplary bolup durýar. Parlamentiň gözegçilik funksiýasy syýasatyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklaýar, ösüşe baha berýär we maksatlara ýetmek üçin hökümetden jogapkärçiligi talap edýär. Mundan başga-da, parlamentler hökümetiň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda gepleşiklere we hyzmatdaşlyga ýardam edip bilýär.

Mundan başga-da, parlamentler LLDC-niň duçar bolýan özboluşly meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmakda hem-de halkara goldawy we hyzmatdaşlygy wagyz etmekde orun eýeläp bilýär. Bu bolsa LLDC-niň dünýä bazarlaryna elýeterliligi bolmagy üçin wajyp ähmiýete eýe bolýan halkara ylalaşyklary işläp düzmegi hem-de hyzmatdaşlygy goldamak ýoly arkaly has berk hyzmatdaşlyga we has maksadaokgunly kömege eltip biler.

Bu ýerde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, az ösen ýurtlar boýunça BMG-niň Ýokary wekiliniň kanselýariýasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde, Türkmenistanda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji konferensiýasynda (LLDC3) parlament agzalary üçin bir günlük forum gurnar. LLDC3 Parlament forumy gyzyklanma bildirýän ähli taraplar, şol sanda Parlamentara bileleşigi we Arkalaşygyň parlament assoiasiýasyny bilen hyzmatdaşlyk saklar.

Parlament forumy LLDC üçin täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentleriň ornuna bagyşlanar. LLDC-niň şu günki gün duçar bolýan esasy meseleleri, şeýle-de mümkinçilikleri babatda pikir alşylanyndan soňra, dört esasy mesele: çözülmedik üýtgeşmeler we Wena hereketler maksatnamasyndan gelip çykýan sapaklar, köptaraplaýyn söwda ulgamy, degişli dolandyryş we jogapkärçilik, şeýle-de hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu çäre öz milli wekiliýetleriniň düzüminde LLDC3 gatnaşjak parlament agzalaryna niýetlenen bolar. Forum ýokary derejeli giriş bölüminden, soňra ony dowam etdirjek parlament agzalary, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylary, akademikleri hem-de beýleki halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşjak interaktiw panel diskussiýalardan ybarat bolar.