Işewürligi ýola goýmak
LLDC-leriň hususy pudagynyň forumy
Hususy pudak meselelerini deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň indiki onýyllyk ösüş maksatnamasyny işläp düzmek prosessine girizmek.

Forum DÖM-e ýetmek üçin durnukly ösüş ulgamyndaky gün tertibini emele getirmek üçin dünýä liderleri, BMG-niň ýolbaşçy düzümi, beýleki ýolbaşçylar, maýadarlar we beýlekiler bilen hyzmatdaşlykda bolmak üçin platforma üpjün eder.
Forum hakynda
LLDC-leriň hususy pudagynyň forumy on ýylyň dowamynda umumy ilat sany 570 million bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde özgerişli hyzmatdaşlygy gurmaga hem-de uzakmöhletleýin maýa goýumlaryny we maliýeleşdirmegi mobilizlemäge mümkinçilik berýär. 2060-njy ýylda bolsa olaryň umumy ilat sany 1 milliarda ýetmeli.

Iki gün dowam etjek hususy pudagyň forumy ýokary derejeli açylyş dialogy, dört sany mowzuklaýyn mejlisi, bilelikde geçýän çäreleri we stendleri bolan aragatnaşyk we sergi meýdançalary öz içine alar. Forum kompaniýalaryň wekilleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ähli ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň, maýa goýumlaryna ýardam bermek boýunça agentlikleriň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda göni aragatnaşyk saklamak üçin platforma döreder, şeýle-de işewürlik we ösüş ulgamy üçin hem-de ösüş syýasatyny döretmek üçin mümkinçilik döreder.
Biziň esasy mowzuklarymyz

Söwda we üstaşyr geçirmek

Deňze çykalganyň bolmazlygy söwda üçin böwet bolup bilermi?

Ösüş mümkinçilikleri

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň nähili täze mümkinçilikleri bar?

Sanly ösüş

Sanlylaşdyrma deňze çykalganyň bolmazlyk meselesiniň çözgüdi bolup bilermi?

Maliýeleşdirmek we maýa goýmak

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda maliýeleşdirme nähili ýola goýlup bilner?